Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde dünýä inen aýdymçy Akmal (Akmal Hojaniýazow) Russiýanyň meşhur «Altyn gramofon» («Золотой Граммофон») aýdym-saz baýragynyň eýeleriniň hataryna goşuldy. Ol bu baýraga ilkinji gezek mynasyp boldy.
Akmal bu abraýly baýragy rus aýdymçysy Grigoriý Leps bilen bilelikde ýerine ýetiren «Şutka» atly aýdym üçin aldy. XXXI gezek geçirilýän baýrak gowşurylyş dabarasynyň ýeňijileriniň atlary «Rus radiosynyň» ýaýlymynda yglan edildi.
Şu ýyl jemi 34 aýdymyň awtorlary we ýerine ýetirijileri baýragyň eýeleri boldular. Ýeňijiler kesgitlenende radiohit-paradyň netijeleri, sanly platformalardaky görkezijiler, sungat işgärleriniň we muşdaklar toparlarynyň pikirleri, şeýle-de öňde boljak dabaranyň peteklerini satyn alan tomaşaçylaryň sesleri göz öňünde tutuldy.
Baýragyň beýleki eýeleriniň arasynda Filip Kirkorow, Walerýa, Larisa Dolina, Ani Lorak, Sergeý Lazarew, Ýuriý Antonow, ANNA ASTI we Dima Bilan ýaly meşhur ýerine ýetirijiler bar. Filip Kirkorow iki aýdym — «Dawno wsýo haroşo» we «Luiza» üçin baýrak aldy.
«Altyn gramofon» baýragyny gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Moskwanyň «WTB Arena» sport toplumynda geçiriler. Çäräniň başlanmagy sagat 19:00-a meýilleşdirilýär.
Akmal Hojaniýazow 2003-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde dünýä indi. Ol «Golos. Deti» atly telewizion taslama gatnaşandan soň giňden tanaldy. 2020-nji ýyldan bäri aýdymçy özbaşdak döredijilik ýoluny dowam etdirýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.