Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow 14-nji noýabrda Abu-Dabide geçiriljek «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşyna taýýarlyk görýär. 20 ýaşly pälwan özüniň taýýarlyk işleriniň meýilnama laýyklykda dowam edýändigini belleýär.
Alp Arslan Begenjow 9-njy noýabrda sosial ulgamlardaky sahypasynda ýaryşa bäş günüň galandygyny we türgenleşikleriň bellenilen tertipde alnyp barylýandygyny habar berdi.
Türkmen pälwanynyň bu ýaryşdaky garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolar. Ol «NCAA» ýaryşynyň bäş gezek çempiony, dünýä çempionatlarynyň dört gezek ýeňijisi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç medalynyň eýesidir. Deýk RAF ligasynda «Cruiserweight» agram derejesinde çykyş edýär we häzirki wagtda bu diwizionyň çempiony bolup durýar.
Alp Arslan Begenjow täze Olimpiýa tapgyrynda Türkmenistanyň iň geljegi uly erkin göreşçileriniň biri hasaplanýar. Ol 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempionatynda 79 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazandy. Şunlukda, türkmen türgeni Türkmenistanyň taryhynda ýetginjekleriň arasynda ilkinji dünýä çempiony boldy. Şol ýylda ol Aziýanyň ýetginjekler çempionatynda hem altyn medala mynasyp boldy.
2026-njy ýylda 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip başlan Begenjow Bratislawada geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.
«RAF Abu Dhabi» ýaryşy 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçiriler. Bu çäre RAF ligasynyň Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek guralýan ýaryşy bolar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.