Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli erkekler we zenanlar ýygyndylary basketbolyň 3x3 görnüşi boýunça Belarusyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň toparlary bilen bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy habar berdi.

FIBA 3x3 YAD Camp 2026 okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 12–16-njy noýabr aralygynda Daşkent şäherinde geçiriler. Halkara basketbol federasiýasynyň (FIBA) howandarlygynda guralýan bu çärä birnäçe ýurduň ýaş türgenleri gatnaşar.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Rüstem Mämmedow, zenanlar ýygyndysyna bolsa Mährijemal Jumageldiýewa ýolbaşçylyk eder. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde emin Serdar Eminjanow hem bolar.

Federasiýanyň maglumatyna görä, ýygnanyşygyň esasy maksady ýaş basketbolçylaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, olaryň oýun başarnyklaryny kämilleşdirmek we halkara tejribesini artdyrmakdan ybaratdyr.