Türkmenistanyň erkin göreş boýunça türgeni Alp Arslan Begenjow «Real American Freestyle» (RAF) göreş ligasynyň ýaryşyna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine bardy. Türgeniň sosial ulgamlardaky paýlaşan suratlary we wideolary onuň ýaryşa taýýarlyk görýändigini görkezýär.

Alp Arslan Begenjow Abu-Dabiden düşen suratlaryny, Türkmenistanyň baýdagynyň öňünde ýaryşyň ýörite lybasyny geýip geçirilen resmi fotosessiýadan şekilleri hem-de ýaryşyň afişasyna gol çekýän pursatynyň wideosyny paýlaşdy.

RAF Abu-Dabi ýaryşy 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçiriler. Bu ýaryş liganyň Ýakyn Gündogarda guraýan ilkinji çäresi bolar. Guramaçylar Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti hem-de BAE-niň Göreş federasiýasy bilen bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Ýaryş Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

20 ýaşly Alp Arslan Begenjow üçin bu RAF ligasyndaky ilkinji çykyş bolar. Onuň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolar. 35 ýaşly türgen 86 kilograma çenli agram derejesinde liganyň häzirki çempiony bolup, dünýä çempionatlarynyň dört gezek ýeňijisi we Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç medalçysydyr. Ol RAF ligasynda geçiren alty tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazandy. Begenjow bilen duşuşygy onuň çempionlyk derejesini goramak ugrundaky nobatdaky tutluşygy bolar.

Alp Arslan Begenjow Türkmenistanyň täze olimpiýa döwründe uly umyt bildirilýän ýaş pälwanlarynyň biri hasaplanýar. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda 79 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanyp, Türkmenistanyň taryhynda bu ugurda ilkinji dünýä çempiony boldy. Şol ýyl Aziýanyň ýetginjekler çempionatynda hem altyn medala mynasyp boldy.

2026-njy ýylda 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip başlan türgen Slowakiýanyň Bratislawa şäherinde geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.

RAF ýaryşynyň esasy tutluşygynda Hamzat Çimaýew bilen Kris Waýdmen ýeňil agyr agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda duşuşarlar. Ilkibaşda bu tutluşykda Kolbi Kowingtonyň çykyş etmegine garaşylýardy, emma şikes sebäpli ol ýaryşdan çykdy we onuň ornuny Waýdmen eýeledi.

Ýaryşyň maksatnamasyna Arman Sarukýanyň Neýman Greýsi, Umar Nurmagomedowyň Ýuraýa Faýber, şeýle-de Kaýl Snýderiň Şamil Erdogan bilen tutluşyklary hem girizildi. Mundan başga-da, ýaryşda Abdulraşid Sadulaýew we Jordan Berrouz ýaly belli pälwanlar hem çykyş ederler.