Golf boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýurdumyzyň sport taryhynda ilkinji gezek Höwesjeňleriň dünýä çempionatynyň (WAGC) finalyna gatnaşyp, toparlaýyn bäsleşikde bürünç medala mynasyp boldy. Bu üstünlik türkmen golfçylarynyň halkara derejesindäki ilkinji uly üstünlikleriniň biri hökmünde taryha girdi.

Dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyry Malaýziýanyň Johor ştatyndaky bäş sany golf meýdançasynda geçirildi. Oňa 67 ýurtdan 620 türgen gatnaşdy. Her ýurduň ýygyndysynyň düzüminde gandikap görkezijisi 0,5-den 25,4-e çenli bolan bäş golfçy çykyş etdi. Bäş günüň dowamynda geçirilen bäş raundlyk ýaryş türgenlerden ýokary tehniki ussatlygy, fiziki çydamlylygy we ruhy durnuklylygy talap etdi.

Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji tapgyryň netijeleri boýunça dördünji orny eýeledi. Indiki günlerde türkmen türgenleri netijelerini gowulandyryp, ikinji basgançaga çenli ýokarlandylar. Jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda bolsa topar üçünji orna geçdi.

Soňky tapgyrda toparyň kapitany Gurban Işkabulow tejribesini we sowukganlylygyny görkezip, oýny «Par» netijesi bilen tamamlady. Bu netije Türkmenistanyň ýygyndysyna ABŞ-nyň, Taýlandyň we Indoneziýanyň toparlaryndan öňe geçip, eýelän ornuny saklamaga mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň finalynda Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň we Hytaýyň toparlaryndan soň üçünji orny eýeledi.

Şahsy bäsleşikde hem türkmen türgenleri ýokary netijeleri gazandylar. Gurban Işkabulow altyn, Gözel Ýusupowa kümüş medala mynasyp boldy. Mundan başga-da, Gözel Ýusupowa ýörite ugur boýunça baş baýraga eýe çykdy.

Toparyň 70 ýaşly kapitany Gurban Işkabulowyň ýaryşdaky hyzmaty aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ol dürli ýaşdaky türgenleri bitewi topara birleşdirip, her tapgyr üçin degişli taktikalary kesgitledi hem-de oýunçylaryň güýçlerini dogry paýlamagyna ýardam etdi. Şeýle-de ol dünýä çempionatynyň finalyna gatnaşan Türkmenistanyň ilkinji wekili hökmünde ýörite WAGC şahadatnamasy bilen sylaglandy.

Bu taryhy netije türkmen golfunyň halkara sport giňişliginde tanalmagyna goşant goşmak bilen birlikde, ýurtda bu sport görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.