
«Amazon.com Inc.» kompaniýasy özüniň «Amazon Fresh» azyk dükanlaryny hem-de «Amazon Go» awtomatlaşdyrylan dükanlaryny ýapjakdygyny habar berdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Kompaniýa indi ünsüni azyk önümleriniň onlaýn sargytlaryny eltip bermek hyzmatyna we tebigy önümlere ýöriteleşen has ýokary derejeli «Whole Foods Market» toruny giňeltmäge gönükdirer. Ýapylýan nokatlaryň käbirleri «Whole Foods» dükanlaryna öwrüler.
«Amazon» ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda 100-den gowrak täze «Whole Foods» dükanyny açmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa bu tory 2017-nji ýylda, takmynan, 13,5 milliard amerikan dollaryna satyn alypdy.
Keywords