Hytaýdan Russiýa 15 sany täze awtoulagy alyp barýan iki sany ulag daşaýjy Gazagystanyň demirgazygyndaky Akmola welaýatynyň uly gara ýolunda suwly ganawa agdy. Wakada hiç kim şikes almady. Bu barada sebitiň polisiýa müdirligine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, Hytaýyň Horgos şäherinden Russiýa Federasiýasyna ugur alan, daşary ýurtly sürüjiler tarapyndan dolandyrylýan FAW kysymly iki sany awtoulag daşaýjy ýol hadysasyna uçrapdyr. Olaryň üstünde jemi 15 sany täze awtoulag bolup, ýoluň sürçekligi sebäpli sürüjiler ulaglaryň dolandyrylyşyny ýitirip, ýoldan çykypdyrlar.
Wakanyň netijesinde adam pidasy ýa-da şikes alanlar barada maglumat berilmedi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.