Binance kriptowalýuta biržasy 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabryna geçilen gijede bolan haker hüjümi netijesinde ulanyjylaryndan ogurlanan ähli serişdeleri doly öwezini dolandygyny habar berdi. Kompaniýa müşderilerine sabyrlylygy we düşünişmegi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Biržanyň maglumatyna görä, ýitirilen serişdeleriň esasy bölegi — 90 göterimi hüjümden bir gün soň, ýagny 31-nji oktýabrda yzyna gaýtarylypdyr. Munuň üçin kompaniýa öz serişdelerini ulanypdyr. Gaýtarylan aktiwleriň arasynda Bitcoin, ETH, USDT, BNB, SOL, USDC, XRP, USD1, RLUSD we ZEC kriptowalýutalary bar. Galan 10 göterimi bolsa likwidligi pes bolan tokenlerden ybarat bolup, Binance olary bazardan goşmaça satyn almaly bolupdyr.
Birža haker hüjümi barada 30-njy oktýabrda habar beripdi. Wakanyň ýetirilen zyýany 6,3 milliard amerikan dollaryna barabar diýlip bahalandyryldy. Şol döwürde serişdeleri çykarmak amallary wagtlaýyn togtadylypdy. Kompaniýa ýitgileri ulanyjylaryň howpsuz aktiwler gaznasy (SAFU) we öz serişdeleriniň hasabyna ýapjakdygyny mälim edipdi.
Binance ozal bu wakanyň kompaniýanyň IT infrastrukturasyna hyzmat edýän DevOps inženeriniň noutbukynyň ele geçirilmegi bilen bagly bolup biljekdigini aýdypdy. Şol ýagdaýdan peýdalanan hüjümçiler hyzmatyň konteýnerine rugsatsyz girip, serişdeleri çykarmak boýunça bikanun amallary amala aşyrypdyrlar. Biržanyň maglumatyna görä, elektron gapjyklaryň ýapyk açarlarynyň syzandygy barada hiç hili alamat ýüze çykarylmady.
Soňra kompaniýa hüjümiň nähili taýýarlanylandygy barada goşmaça maglumatlary hem paýlaşdy. Binance hüjümçileriň bu işe birnäçe aýlap taýýarlyk görendigini we galp programma üpjünçiligini ulanmakdan başlap, ýalan iş söhbetdeşliklerini guramaga çenli dürli usullardan peýdalanandygyny habar berdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.