Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan «Amul — Hazar» atly ýörişi dowam edýär. 12-nji noýabrda Lebap welaýatyndan badalga alan ýörişiň üçünji gününde 35 sany ahalteke bedewine atlanan gatnaşyjylar Mary welaýatynyň çägine geldiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýörişe ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän 35 atly gatnaşýar. Çäräniň geçirilmegi 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda atçylyk hem-de atly sport boýunça guralýan çäreleriň maksatnamasy bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatnama şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyldy.

Uzak aralyga guralýan ýöriş türkmen bedewleriniň çydamlylygyny, çapyksuwarlaryň ussatlygyny we erjelligini görkezmäge gönükdirilendir. Ýörişe gatnaşýan bedewleriň ýagdaýy hem yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

14-nji noýabrda atlylar Mary welaýatynyň çägine girip, Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň golaýynda gurnalan ikinji düşelgä bardylar. Soňra olar taryhy Merw topragynda ýollaryny dowam etdirip, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda düşlediler.

Ýörişiň umumy geçilmeli aralygy 1 müň 755 kilometre deňdir. Şonuň 108 kilometri Lebap, 461 kilometri Mary, 473 kilometri Ahal, 33 kilometri Daşoguz, 680 kilometri bolsa Balkan welaýatynyň çäginden geçýär.