Türkmenistan 2027-nji ýylyň noýabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ulag ministrleriniň 15-nji duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky taýýarlygyny tassyklady. Şeýle hem guramanyň Sekretariaty Mary şäherine 2028-nji ýylda YHG-niň syýahatçylyk paýtagty derejesini bermek baradaky başlangyjy goldady. Bu meseleler Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen Yslamabatda geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk guramanyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi. Bu barada YHG-niň Sekretariaty habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda ulag, serhetýaka söwda we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk taslamalara garaldy. Ulag ulgamynda esasy meseleleriň biri hökmünde Türkmenistanyň 2027-nji ýylyň noýabr aýynda YHG-niň ulag ministrleriniň 15-nji duşuşygyny kabul etmäge taýýardygy bellenildi.
Taraplar YHG-niň Tranzit ýük daşamalary baradaky çarçuwaly ylalaşygyny (TTFA) tassyklamak bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Mundan başga-da, gurama agza ýurtlaryň çäginde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek boýunça deslapky tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmäge we ynsanperwer gatnaşyklary ýönekeýleşdirmäge aýratyn üns berildi. YHG-niň Baş sekretary Türkmenistanda elektron wiza ulgamynyň ornaşdyrylmagyny mübärekläp, Mary şäherine 2028-nji ýylda guramanyň syýahatçylyk paýtagty derejesini bermek baradaky başlangyjyň Sekretariat tarapyndan goldanylýandygyny tassyklady.
Asad Majid Han 2025-nji ýylda YHG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ilkinji forumynyň Türkmenistanda geçirilendigi üçin hem Aşgabat şäherine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ol 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen degişli syýahatçylyk sergisine YHG-niň Sekretariatynyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna döredilen mümkinçilikleri ýokary bahalandyrdy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.