Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ýazmyrat Gulmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 13-nji noýabrda ABŞ-nyň Waşington şäherinde geçirilen «Trusted Tech Summit 2026» atly Ynamdar tehnologiýalar sammitine gatnaşdy. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.

Purdue uniwersitetiniň ýanyndaky Kreç Tehnologik diplomatiýa instituty tarapyndan guralan halkara forum Ronald Reýganyň Halkara söwda merkezinde geçirildi. Çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy bilermenler, diplomatlar, döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Sammitiň myhmanlarynyň arasynda ABŞ-nyň Baş tehnologiýa işgäri Maýkl Kratsios, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rogers we «Cisco» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çak Robbins hem boldy.

Forumyň dowamynda emeli aň, kwant we kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek hem-de ygtybarly sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň sammite gatnaşmagy ýurduň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ABŞ-nyň hem-de beýleki daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda özara bähbitli tehnologik gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň bir bölegi boldy.