
Merkezi Aziýanyň bäş döwleti — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan — sebitiň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen täze uly göwremli maksatnamany durmuşa geçirip başlaýarlar. “Central Asia Water and Land Nexus” (CAWLN) diýlip atlandyrylýan bu sebit taslamasynyň umumy bahasy 30 million ABŞ dollaryna barabardyr.
Maksatnamanyň resmi tanyşdyrylyşy şu ýylyň 30-njy maýy bilen 6-njy iýuny aralygynda Samarkant şäherinde geçiriljek Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) 8-nji Assambleýasynyň çäginde bolar. Bu möhüm başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) gönümel goldawy bilen amala aşyrylýar.
Taslamanyň baş maksady sebitdäki 84 milliondan gowrak ilatyň 80 göteriminiň ýaşaýyş çeşmesi bolan Amyderýa we Syrderýa basseýnlerini goramakdan ybaratdyr. Bu derýalar diňe bir agyz suwy däl, eýsem sebitiň azyk howpsuzlygyny we ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy arteriýalar hasaplanýar.
Maksatnama diňe bir suw tygşytlamak bilen çäklenmän, eýsem “nexus-çemeleşmesi” esasynda toplumlaýyn işleri göz öňünde tutýar. Bu usul aşakdaky ugurlaryň özara baglanyşygyny üpjün edýär:
Taslamanyň çäginde Aral deňziniň ekologiýasyny gowulandyrmak üçin ýörite synag taslamalaryna garaşylýar. Hususan-da, agro-tokaýçylyk (oba hojalygy bilen tokaýçylygy utgaşdyrmak) usullaryny ornaşdyrmak we sebit ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmak üçin sanly platformalar dörediler. Bu başlangyç sebit döwletleriniň umumy ekologiýa meselelerini agzybirlikde çözmäge bolan ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Keywords