Türkmenistan 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde milli pawilýon bilen çykyş eder.

Milli pawilýonda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek we halkara ekologik başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça gazanan üstünlikleri tanyşdyrylar. Milli sergi bölüminiň taýýarlyk işlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gözegçilik edýär. Ol 31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

COP31 maslahaty dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly täsirleriň barha güýçlenýän döwründe geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara forumda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, howanyň üýtgemeginiň netijelerine uýgunlaşmak we ekologiýa howplaryna garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berler.

Maslahatyň gün tertibine Pariž ylalaşygynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak, milli derejede kesgitlenen goşantlary güýçlendirmek, uýgunlaşmak boýunça meýilnamalary taýýarlamak we howa maliýeleşdirmesine elýeterliligi giňeltmek ýaly ugurlar girýär. Şeýle hem ekologik tehnologiýalary ornaşdyrmak, tehniki goldawy ösdürmek we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

COP31 çäklerinde ösýän ýurtlaryň howa boýunça milli maksatlaryny maýa goýum taslamalaryna öwürmegine ýardam berjek «Climate Implementation Bridge» atly täze başlangyjyň hem öňe sürülmegi göz öňünde tutulýar. Bu başlangyç tehniki kömek, maliýe serişdeleri we taslamalary durmuşa geçirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Antalýada geçiriljek halkara maslahat Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy boýunça alyp barýan işlerini, daşky gurşawy goramak babatdaky tejribesini we halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança bolar.