
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna guralan eko-syýahatyň dowamy hökmünde, paýtagtymyz Aşgabatda ýaşlar üçin ýörite okuw maslahaty geçirildi. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan bu çäre, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) Aral deňziniň sebitindäki ekoulgamlary goramak baradaky taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
"Bouygues Turkmen" kompaniýasynyň edarasynda geçirilen okuw maslahatynda innowasion okatmak usullaryna aýratyn orun berildi. Ýaşlar "Climate Fresk" usulyýeti arkaly howanyň üýtgemeginiň sebäplerini, onuň netijelerini we bu global meseläniň öňüni almagyň ylmy ýollaryny jikme-jik öwrendiler.
Kompaniýanyň hünärmenleri bilen geçirilen çekişmeler her bir ýaş gatnaşyjynyň geljekde bu bilimleri öz gurşawynda ýaýradyp biljek hakyky ekologiýa meýletinçisi bolup ýetişmegine gönükdirildi.
Keywords