17–18-nji sentýabrda Merkezi Aziýa Uniwersitetinde Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdeleriniň geljegi, sebitde suw howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemeginiň suw çeşmelerine ýetirýän täsiri boýunça halkara simpozium geçiriler.
Halkara çärä üç yklymyň ýurtlaryndan alymlar, döredijilik jemgyýetiniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşar. Simpoziumyň dowamynda Merkezi Aziýanyň suw serişdeleriniň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Aýratyn mejlis Amyderýanyň we Syrderýanyň akymlaryny emele getirýän esasy suw çeşmelerine — sebitdäki buzluklara, gar örtügine we ygallara bagyşlanar. Merkezi Aziýa Uniwersitetiniň Dag jemgyýetlerini öwreniş institutynyň uly ylmy işgäri Arno Kaýzerman iki iri derýa basseýniniň geljegi boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerini hödürlär.
Çäräniň dowamynda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň, buzluklaryň we hemişelik doňaklygyň eremeginiň, garyň eremek möhletleriniň üýtgemeginiň, şeýle hem ygalyň gar görnüşinden ýagyş görnüşine geçmeginiň derýalaryň suw akymyna ýetirip biljek täsirleri seljeriler.
Simpoziumyň ilkinji güni çäreler ýüzbe-ýüz we onlaýn görnüşde geçiriler. Ikinji gün bolsa derýalaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak, şeýle hem bilelikdäki ekologik başlangyçlary işläp taýýarlamak boýunça amaly sapaklar we onlaýn maslahat guralar.
Simpoziumyň maksatnamasy we çärä onlaýn gatnaşmak üçin degişli salgylanmalar Merkezi Aziýa Uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.