Özbegistanyň Andijan şäherinde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň Ýazyjylar birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň we edebiýat wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen ada eýe bolan Andijanda guralan bu çäre türki halklaryň arasynda edebi we medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirildi.
Duşuşyk Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Özbegistanyň Medeniýet ministrligi, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi hem-de Andijan welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde geçirildi.
Andijan welaýat häkimliginiň binasynda geçirilen duşuşykda TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň Ýazyjylar birleşikleriniň wekilleri, ýazyjylar we şahyrlar çykyş etdiler. Türkmenistanyň wekili hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebow çärä gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türki halklaryň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar umumy edebi mirasy gorap saklamak, ony ýaş nesle ýetirmek we dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem türki dünýäsiniň umumy sanly edebiýat platformasyny, elektron kitaphanasyny we ýazyjylar baradaky maglumat ulgamyny döretmek baradaky tekliplere aýratyn üns berildi. Edebi eserleri dürli dillere, şol sanda dünýä dillerine terjime etmek arkaly türki halklaryň baý edebi mirasyny halkara giňişliginde has giňden wagyz etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda halkara kitap ýarmarkalaryna, edebiýat festiwallaryna we beýleki medeni çärelere bilelikde gatnaşmagyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de TÜRKSOÝ Ýazyjylar birleşiginiň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasy boýunça pikir alşyldy. Ýaş şahyrlaryň döredijilik festiwallaryny yzygiderli geçirmek we halypa ýazyjylar bilen terjimeçileriň gatnaşmagynda halkara edebi forumlary guramak baradaky teklipler öňe sürüldi.
Çäreleriň çäginde Andijan döwlet lukmançylyk institutynda meşhur türk şahyry we jemgyýetçilik işgäri Ziýa Gökalpyň döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat hem geçirildi. Bu çäre TÜRKSOÝ tarapyndan 2026-njy ýylyň «Ziýa Gökalp ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy.
Maslahatyň we ýazyjy-şahyrlaryň duşuşygynyň ahyrynda birnäçe gatnaşyja Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.
Andijanda geçirilen duşuşyk türki halklaryň umumy medeni we edebi gymmatlyklarynyň häzirki döwürde hem halklary ýakynlaşdyrýan möhüm köpri bolup durýandygyny ýene bir gezek görkezdi. Gatnaşyjylar «Edebi dostluk – ebedi dostluk» ýörelgesinden ugur alyp, türki dünýäsinde döredijilik hyzmatdaşlygynyň geljekde-de yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.