
Ýaponiýa nebithimiýa senagaty üçin möhüm çig mal bolan naftanyň importyny ep-esli artdyrdy. Analitikleriň maglumatlaryna görä, üpjünçilik möçberleri eýýäm geçen ýylyň ortaça derejesiniň takmynan 80 göterimine ýetdi, bu bolsa pudagyň kem-kemden dikeldilmegine ýardam berýär.
Maý aýynda ýurda takmynan 1,05 million tonna nafta getirilipdir. Üpjünçiligiň ýokarlanmagyna täze üpjün edijileriň goşulmagy we logistika ugurlarynyň giňelmegi sebäp boldy.
Şeýle-de bolsa, naftanyň bahasy henizem ýokary derejesini saklaýar. Hünärmenleriň bahalandyrmagyna görä, çig malyň bahasy öňki ýagdaýlar bilen deňeşdirilende takmynan 30 göterim ýokary bolup galýar.
Öň ýüze çykan üpjünçilik kynçylyklary Ýaponiýanyň etilen öndürýän kärhanalarynyň işine hem täsir edip, önümçilik derejesiniň peselmegine getirdi. Emma häzirki wagtda importyň artmagy bilen önümçilik kuwwatynyň kem-kemden dikeldilmegine mümkinçilik döreýär.
Nafta plastmassa we beýleki senagat önümleriniň önümçiliginde möhüm rol oýnaýar, şonuň üçin onuň durnukly üpjünçiligi ykdysadyýetiň bu ugrunyň ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýe.
Keywords