ABŞ-nyň Aptera Motors kompaniýasy üç tigirli gün energiýasy bilen işleýän elektromobiliniň ilkinji tapgyrlaýyn nusgasyny ýygnap gutardy. Ýakyn wagtda bu ulag ABŞ-dan daşary ýurtdaky ilkinji eýesine iberiler. Bu barada «crystalofatlan.ru» neşiri habar berýär.
Elektromobiliň ilkinji eýesi GDP Venture maýa goýum kompaniýasynyň baş direktory Martin Hartono bolar. Ol Aptera kompaniýasynyň irki maýa goýum maksatnamasyna gatnaşandygy üçin «Accelerator #1» diýlip atlandyrylan ilkinji ulagyň eýesi bolmaga hukuk gazandy. Bu maksatnamanyň çäklerinde ulaglaryň eýelerine gowşurylyş nobaty olaryň goşan maýa goýumlarynyň möçberine görä kesgitlenýär. Martin Hartono öz awtoulagy üçin «Noir» atly mat gara reňkli daşky örtügi saýlady.
Aptera kompaniýasynyň inženerleri elektromobili gündelik ulanyşda zerur bolan energiýanyň ep-esli bölegini gün şöhlesinden alyp biljek görnüşde tasladylar. Bu aýratynlyk ony adaty elektromobillerden tapawutlandyrýar. Gün panelleri awtoulagyň kuzowyna ýerleşdirilip, gündiz wagty energiýany toplamak mümkinçiligini berýär.
Howa şertleri amatly bolan ýagdaýynda gün panelleri elektrik toruna birikdirmezden, takmynan 64 kilometre çenli ýol geçmäge ýeterlik energiýa toplap bilýär. Zerur bolan halatynda elektromobili adaty öý elektrik rozetkasyndan ýa-da jemgyýetçilik zarýad beriş bekedinden hem zarýadlandyrmak bolýar.
Awtoulagyň gün energiýasy arkaly zarýad toplamak mümkinçilikleri 2026-njy ýylda geçirilen garaşsyz synaglaryň dowamynda hem tassyklanyldy. Aptera kompaniýasy awgust aýynda Germaniýanyň halkara tehniki gözegçilik we sertifikatlaşdyryş guramasy TÜV Rheinland tarapyndan tassyklanan synag netijelerini çap etdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.