Soňky döwürde «Changan» awtoulag markasy köpçüligiň arasynda giňden tanalýar. Hytaýyň iri döwlet awtoulag öndürijileriniň biri bolan «Changan Automobile Group» kompaniýasyna degişli bu marka döwrebap dizaýny, tehnologik mümkinçilikleri we kaşaňlygy bilen tapawutlanýar.

Kompaniýanyň baş edarasy Çunsin şäherinde ýerleşýär. «Changan» önümçiligiň umumy möçberi 20 million ulagdan geçen ilkinji hytaý awtoulag kompaniýasy hökmünde tanalýar. Şeýle hem ol her ýyl 2 milliondan gowrak awtoulagy eksport edýär. «Changan» sözi hytaý dilinden terjime edilende «dowamly howpsuzlyk» diýen manyny berýär.

Kompaniýanyň önümçilik ulgamy dört esasy awtoulag brendini — «Changan Auto», «Deepal», «Avatr» we «Changan Kaicene» markalaryny öz içine alýar. Olaryň arasynda iň giňden tanalýany «Changan Auto» brendidir.

«Changan Auto» 2006-njy ýyldan bäri öz ady bilen awtoulag öndürýär. Kompaniýanyň şahlanan şahyň şahlaryny ýada salýan nyşany bilen tanalýan bu brend dürli görnüşli modelleri hödürleýär. Olaryň hatarynda «Eado», «Raeton», «UNI-V», «CS35 Plus», «CS55 Plus», «CS75 Plus», «CS75 Pro/X7 Plus», «X5 Plus», «F70», «Hunter», «Lantuozhe», «UNI-K», «UNI-T» we «UNI-Z» ýaly 14 model bar.