Hytaýyň BYD kompaniýasyna degişli Fang Cheng Bao brendi Ti 9 atly täze gibrid krossowerini resmi taýdan satuwa çykardy. «CarNewsChina» neşiriniň habar bermegine görä, awtoulag üç görnüşde hödürlenýär we onuň başlangyç bahasy 279,9 müň ýuana deňdir.
Täze modeliň esasy aýratynlygy — bary-ýogy 10 sekuntda öňdäki dolandyryş paneliniň içine ýygnalyp, gizlenýän rul ulgamydyr. Bu mümkinçilikden diňe awtoulag duralgada duran wagty peýdalanmak bolýar. Rul ýygnalanda sürüjiniň öňünde dynç almak üçin goşmaça giňişlik emele gelýär. Mysal üçin, sürüji awtoulagyň zarýad almagyna garaşýan wagty bu mümkinçiligi ulanyp biler.
«Electrek» neşiriniň maglumatyna görä, ýygnalýan rul 329,9 müň ýuan bahaly toplumda hödürlenýär. Bu görnüşde sürüjiniň oturgyjy hem 165 gradusa çenli yza ýatyrylyp bilýär.
Ti 9 modeli DMS Super Hybrid All-Round platformasynyň esasynda öndürilip, 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi we iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Güýç ulgamynyň umumy kuwwaty 400 kWt-a (536 at güýjüne) ýetýär. Awtoulag sagatda 100 kilometre çenli tizligi 4,8 sekuntda gazanýar.
Elektrik hereketlendirijileriniň energiýasy 66,48 kWt·s kuwwatly LFP Blade 2.0 akkumulýatory arkaly üpjün edilýär. Hytaýyň CLTC ölçeg standarty boýunça, krossower diňe elektrik energiýasy bilen 400 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Ýangyç guýlan we akkumulýator zarýadlanan ýagdaýynda bolsa umumy hereket aralygy 1630 kilometre ýetýär.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, akkumulýatoryň zarýadyny 10 göterimden 97 göterime çenli doldurmak üçin dokuz minut ýeterlikdir.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.