Gazagystan suw howdanyny gorap saklamak we dikeltmek boýunça ýörite maksatnamanyň çäklerinde, şu ýylyň ahyryna çenli Demirgazyk Aral deňzine ýene-de 1,2 milliard kub metr suw akdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministri Nurjan Nurjigitow Gyzylorda welaýatyna amala aşyran iş sapary mahalynda Aral etrabynyň balykçylary bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi. Ministrligiň beren maglumatyna görä, Demirgazyk Aral deňzini gorap saklamak ugrunda toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu maksat bilen Bütindünýä banky bilen bilelikdäki taslamanyň ikinji tapgyry işlenip düzüldi. Taslamanyň esasy ugurlarynyň biri hem deňizdäki suwuň derejesini we umumy möçberini ýokarlandyrmak üçin Kokaral bendiniň durkuny doly täzelemekden ybaratdyr. Duşuşykda çykyş eden Nurjan Nurjigitow hökümetiň ýakyn geljekdäki meýilleşdirýän esasy maksatlaryna hem durup geçdi. Hususan-da, ýurt inženerleri we hünärmenleri tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk Aral deňzindäki suwuň möçberini 34 milliard kub metre ýetirmek boýunça giň göwrümli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.