
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, Lebap welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallasy bilen «Arassa ekologiýa — sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy» atly täsirli çäre guraldy. Welaýat kitaphanasynda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, şeýle-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Çärede edilen çykyşlarda ýurdumyzda daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň we tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin aýawly saklamagyň döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Çykyş edenler tebigat bilen ynsan saglygynyň arasyndaky gönüden-göni baglanyşygy nygtap, daşky gurşawy arassa saklamagyň sagdyn jemgyýetiň düýp özeni bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak we töweregi abadanlaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeler barada gyzykly pikir alşyldy.
Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan «Zemin gözelligi ömri bezeýär» atly kitap sergisi guraldy. Okyjylara hödürlenen dürli temadaky edebiýatlar, tebigatyň janly gözelligini, ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny we ýaşyl baglyklaryň ähmiýetini wasp edýär. Talyplar we mugallymlar sergä uly gyzyklanma bildirip, tebigaty goramak babatda bilimlerini artdyrdylar.
Bu çäre ýaşlaryň ekologiýa düşünjesini baýlaşdyrmakda hem-de olaryň daşky gurşawa bolan jogapkärçilikli garaýşyny terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Keywords