Türkiýeli arheologlar gadymy Troýa şäheriniň harabalyklaryndan takmynan 10 kilometr uzaklykda ýerleşýän syrly mazar depesini ýüze çykardylar. Hünärmenler bu ýeri Troýa urşunda Ahil we Odisseý bilen bile söweşen meşhur gahryman Aýaksyň jaýlanan ýeri bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Bu barada «People» neşiri habar berýär.

Adatdan daşary tapyndy Troýa muzeýiniň arheology Fejri Polatyň ýolbaşçylygynda öwrenilýär. Ozal alymlar bu depäni takmynan bäş müň ýyl mundan ozal ýaşalan ilatly ýeriň galyndylary hasaplap gelipdirler. Emma soňky gazuw-agtaryş işleri onuň gadymy mazaryň üstünde gurlan emeli desga bolmagynyň mümkindigini görkezdi.

Barlaglaryň dowamynda palçyk bilen berkidilen daş gurluşlary, keramika bölekleri, süňkden ýasalan bizler we ýüplük taýýarlamakda ulanylan gurallar tapyldy. Ýadygärligiň gadymy grek we rim awtorlarynyň Aýaksyň jaýlanan ýeri bilen baglanyşdyrýan Roýteýon şäheriniň golaýynda ýerleşmegi hem alymlaryň ünsüni çekdi.

Fejri Polatyň bellemegine görä, tapylan mazaryň ýerleşişi rowaýaty gahrymanyň gubury baradaky gadymy ýazgylarda beýan edilýän maglumatlara gabat gelýär. Hususan-da, mazaryň deňziň golaýynda ýerleşmegi bu çaklamany güýçlendirýär. Gadymy çeşmelerde hem Aýaksyň jaýlanan ýeriniň deňiz kenaryna ýakyndygy barada maglumatlar duş gelýär.

Şeýle-de bolsa, arheologlar bu tapyndynyň Aýaksa degişlidigini häzirlikçe anyk tassyklamaýarlar. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda muny subut edýän ýazgylar tapylmady, üstesine-de, mazaryň merkezi bölegi entek doly öwrenilmedi. Hünärmenler geljekde geçiriljek barlaglaryň bu gadymy depäniň astynda hakykatdan-da grek mifologiýasynyň meşhur gahrymanlarynyň biriniň mazarynyň bardygyny anyklamaga mümkinçilik berjekdigine umyt bildirýärler.