Keniýanyň gurakçylykdan ejir çekýän sebitlerinde azyk üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen düýeleriň baş sany artdyrylýar. Suw ýetmezçiligi we mallaryň gyrylmagy ýerli ilaty düýe süýdüne has köp ýüz tutmaga mejbur edýär. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.

Samburu etrabynda sygyrlaryň köpüsiniň gyrylmagy we suw ýetmezçiligi sebäpli ýaşaýjylar üçin düýeler esasy goldawa öwrüldi. Etrabyň häkimiýetleri iki oba 150 baş düýe paýlap berdi. Düýeler ýokary howa temperaturasyna çydamlylygy, uzak aralyklara suw gözläp gitmäge ukyplylygy we uzak wagtlap suwsuz ýaşap bilmegi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, olar günde alty litre çenli süýt berýär.

Ýerli maldar Nerparle Osoniniň aýtmagyna görä, düýeleriň süýdi maşgalasynyň azyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam edýär. Ol düýeleriň uzak wagtlap suwsuz oňup bilýändigini we köp mukdarda süýt berýändigini belleýär.

Düýe süýdüniň bahasy sygyr süýdüniňkiden üç esse ýokary. Şeýle-de bolsa, ol ýeňil özleşdirilmegi we düzüminde ýagyň az bolmagy bilen tapawutlanýar.