Türkiýede maýa goýumlaryny amala aşyrýan daşary ýurt raýatlaryna 3 we 5 ýyl möhlet bilen ýaşamak üçin rugsatnama (ikamet) bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda «Resmî Gazete» resmi neşirinde çap edilen Prezidentiň 11994 belgili kararynda bellenilýär. Resminama Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdogan tarapyndan 17-nji noýabrda gol çekildi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň «Resmî Gazete» resmi neşiri habar berýär.
Täze düzgünlere laýyklykda, Türkiýede azyndan 150 müň ABŞ dollary möçberinde ýa-da şoňa barabar daşary ýurt pulunda maýa goýumyny amala aşyran daşary ýurt raýatlaryna 3 ýyllyk, 200 müň ABŞ dollary möçberinde maýa goýumyny goýanlara bolsa 5 ýyllyk ýaşamak rugsatnamasy berler.
Maýa goýumlaryny birnäçe ugur boýunça amala aşyrmak mümkin. Olaryň hataryna Türkiýede işleýän banklarda degişli möçberde pul serişdelerini ýerleşdirmek, döwletiň karzlanma gurallaryny satyn almak, gozgalmaýan emläk we wençur maýa goýum gaznalarynyň paýlaryna eýe bolmak, şeýle hem ýurduň hususy pensiýa ulgamyna serişdeleri goýmak girýär.
Kararda maýa goýumlarynyň belli bir möhletde saklanmagy hem talap edilýär. Daşary ýurtly maýadar goýlan serişdeleri ýaşamak üçin rugsatnamanyň hereket edýän döwrüniň azyndan ýarysynyň dowamynda saklamalydyr. Şoňa görä, 3 ýyllyk rugsatnama alanlar maýa goýumlaryny azyndan 1,5 ýyl, 5 ýyllyk rugsatnama alanlar bolsa azyndan 2,5 ýyl saklamaly bolarlar.
Maýa goýumynyň bellenilen şertlere laýyklykda saklanandygy onuň görnüşine baglylykda degişli döwlet edaralary tarapyndan tassyklanylmalydyr.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.