«Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan — at myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň Gabakly bölüminde «Bag berekediň eşretli durmuşyň egsilmez çeşmesidir» atly amaly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada «lebap.biz» saýty Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Çärä welaýatdaky tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, bagbanlar, Dänew etrabynyň ýaşaýjylary we tebigat söýüjiler gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri daşky gurşawy goramak, biologik köpdürlüligi saklamak, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän ekologik taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.
Okuw maslahatynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň tebigy aýratynlyklary, onuň çäginde ýaýran toraňňy tokaýlary, ýeken, gamyş we buýan ösümlikleri barada maglumat berildi. Goraghananyň haýwanat dünýäsiniň baýdygy, bu ýerde dürli guşlar bilen birlikde ýekegaplaňlaryň, sugunlaryň, keýikleriň, şagallaryň we towşanlaryň ýaşaýandygy nygtaldy. Şeýle-de seýrek duş gelýän pilburun balygynyň aýratyn gorag astynda saklanylýandygy bellenildi.
Çäräniň dowamynda Dänew etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Maral Batyrowa çykyş edip, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda Buhara sugunlaryny gorap saklamak we olaryň sanyny köpeltmek ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Amaly okuw maslahatynda goraghanalaryň ylmy we ekologik ähmiýeti, tebigy baýlyklary goramagyň häzirki zaman usullary boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar Köýtendag we Repetek döwlet biosfera goraghanalarynda alnyp barylýan işleri giňden wagyz etmegiň, ýaş nesillerde tebigata söýgini we ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň möhümdigini bellediler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.