Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroşi Sasaki Aşgabatdaky diplomatik iş möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli çap eden hoşlaşyk ýüzlenmesinde türkmen halkynyň Ýaponiýa bolan gyzyklanmasyny we mähirli garaýşyny aýratyn nygtady. Bu barada «Turkmenportal» neşiri Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasynyň resmi internet sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Diplomatyň bellemegine görä, Türkmenistanda ýaşlaryň ýapon dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirmegi, şeýle hem dürli künjeklerde bu dili yhlas bilen özleşdirýän talyplar bilen duşuşmak onuň ýadynda galan aýratyn wakalaryň biri bolupdyr. Ol ýaşlaryň çynlakaý çemeleşmesini we geljege bolan ynamly garaýyşlaryny görende, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljegine bolan ynamynyň has-da artandygyny belledi.

Hiroşi Sasaki 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ilçilik wezipesine girişipdi. Ol hoşlaşyk ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Hökümet agzalaryna, diplomatik korpusyň wekillerine, işewür toparlara, ýurtda ýaşaýan watandaşlaryna we ähli türkmen halkyna goldawlary hem-de hyzmatdaşlyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçiniň nygtamagyna görä, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet we bilim ulgamlarynda işjeň ösdürilýär. Ol 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iki gezek — Osaka şäherinde geçirilen EXPO-2025 Bütindünýä sergisine hem-de «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin amala aşyran saparlaryny ýatlatdy.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň awgustynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Tosimitsu Motegiň Aşgabada sapar bilen gelendigi bellenildi. Sasakiniň belleýşi ýaly, bu soňky sekiz ýylyň dowamynda Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana ilkinji sapary boldy. Saparyň çäklerinde ministr Türkmenistanyň Prezidentine hem resmi taýdan hormat bildirdi.

Diplomat iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri bilelikdäki taslamalaryň netijesinde has-da çuňlaşýandygyny hem nygtady.

Hiroşi Sasaki 2027-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl doljakdygyny ýatladyp, dostluk we hyzmatdaşlyk binýadyna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de ösdüriljekdigine umyt bildirdi.