Dünýäniň dürli sebitlerinde dowam edýän aşa yssy howa täze temperatur rekordlaryny goýýar. Ýewropa, Demirgazyk Amerika, Ýakyn Gündogar we Gündogar Aziýa ýurtlarynda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edilýär, häkimiýetler bolsa ilaty howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge çagyrýarlar.
Italiýada Saglygy goraýyş ministrligi ýurduň iň iri 27 şäheriniň 25-sinde yssy howa boýunça iň ýokary — gyzyl derejeli duýduryşy girizdi. Ýurduň köp böleginde howanyň temperaturasy 40 gradusa golaýlady we sinoptikler bu yssy howanyň azyndan hepdäniň ahyryna çenli dowam etjekdigini çaklaýarlar. Ilata günüň iň yssy sagatlarynda daşarda uzak wagt bolmazlyk maslahat berilýär.
Beýik Britaniýada bolsa gurakçylyk bilen bagly rekord görkeziji hasaba alyndy. Milli meteorologiýa gullugynyň deslapky maglumatlaryna görä, iýul aýynda ýagan ýagşyň mukdary köpýyllyk ortaça derejesiniň bary-ýogy 35 göterimine deň boldy. Günorta Angliýada bolsa 1836-njy ýyldan bäri iň gurak iýul aýy hökmünde hasaba alyndy.
ABŞ-nyň günbatar ştatlarynda, şol sanda Kaliforniýa, Arizona, Newada we Ýuta ştatlarynda hem aşa yssy howa boýunça duýduryşlar hereket edýär. Las-Wegas şäherinde howanyň temperaturasy 46 gradus Selsiýe ýetip, şu ýylyň iň ýokary görkezijisi hökmünde bellige alyndy.
Müsürde hem täze yssy tolkunyna garaşylýar. Çaklamalara görä, Nil deltasynda we Uly Kair sebitinde temperatura 41–44 gradusa, ýurduň günortasynda bolsa 45 gradusdan hem ýokary bolup biler.
Gündogar Aziýada Günorta Koreýa paýtagt Seulda we birnäçe sebitde yssy howa boýunça iň ýokary derejeli duýduryşy güýje girizdi. Ýurduň günorta-gündogaryndaky Ýansan şäherinde 42,5 gradus Selsiýe hasaba alnyp, bu 1904-nji ýyldan bäri geçirilen synlaryň taryhyndaky iň ýokary temperatura boldy. Şeýle hem Ýansanda howanyň temperaturasy bäş gün yzly-yzyna 40 gradusdan ýokary boldy.
Ýaponiýada hem Kyusýu adasynda 40 gradusdan ýokary temperatura hasaba alyndy. Fukuoka prefekturasyndaky Dazaýfu şäherinde 40,2 gradus, Saga şäherinde bolsa 40,1 gradus görkezildi. Ýurtda soňky ýyllarda şeýle dowamly yssy döwür ilkinji gezek şeýle uzak dowam edýär.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) maglumatlaryna görä, aşa yssy howa tebigy hadysalaryň arasynda iň uly howp döredýän hadysalaryň biridir. Gurama onuň ýygylygynyň we güýçlüliginiň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly artýandygyny belleýär.
Bilermenleriň pikirine görä, köp ýurtlar şäherleri aşa yssy howa şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin ýaşyl zolaklary giňeltmek, kölegeli ýerleri köpeltmek we jemgyýetçilik binalarynda sowadyş ulgamlaryny ösdürmek ýaly çäreleri güýçlendirýärler. Şeýle-de bolsa, geljek onýyllyklarda yssy howa tolkunlarynyň has ýygy gaýtalanmagyna garaşylýar we bu ýagdaý täze şertlere uýgunlaşmagy talap edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.