Türkmenistanyň raýatlary we myhmanlary üçin şäherara gatnawlarda täze sanly hyzmat işe girizildi. Indi Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasyndaky awtobus gatnawlaryna petekleri internet arkaly öňünden satyn almak mümkin.
Täze hyzmat ýolagçylara syýahatyny has amatly meýilleşdirmäge, öýden çykmazdan awtobus petegini resmileşdirmäge we wagt tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus peteginiň bahasy 100 manat diýlip bellenildi. Gatnawlar Aşgabat şäherindäki «Wokzal» belleniş nokadynyň awtoduralgasyndan her gün irden sagat 06:00-da we 06:30-da amala aşyrylýar.
Yzyna, ýagny Awaza milli syýahatçylyk zolagyndan Aşgabat ugry boýunça awtobuslar Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan sagat 12:00-da we 12:30-da ugraýar.
Onlaýn petek satyn alyş ulgamy diňe bir bilet resmileşdirmek bilen çäklenmän, ýolagçylara awtobusdaky boş orunlary görmäge we özüne amatly ýeri saýlamaga hem mümkinçilik berýär.
Hyzmatdan peýdalanmak üçin ýolagçy şahsy maglumatlaryny, şol sanda adyny we familiýasyny girizmeli.
Täze hyzmaty şu platformalaryň üsti bilen ulanmak bolýar:
auh.com.tm internet saýty;
«Şäherara bilet» mobil goşundysy.
Sanly ulgamyň işe girizilmegi Aşgabat bilen Awazanyň arasyndaky ýolagçy gatnawlaryny has döwrebap, amatly we elýeterli görnüşde guramaga ýardam eder. Şeýle-de bu hyzmat syýahatçylaryň wagtyny tygşytlamaga we ýol saparyny öňünden meýilleşdirmäge giň mümkinçilik döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.