Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat dokma toplumy Täze ýyl baýramçylygy, toý-dabaralar we dürli şanly seneler mynasybetli sowgat bermek üçin niýetlenen dokma önümleriniň täze görnüşlerini hödürleýär. Ýokary hilli önümler 100 göterim pagtadan taýýarlanyp, ekologik taýdan arassalygy, ýumşaklygy we özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar.
Toplumyň Täze ýyl üçin niýetlenen önümleriniň arasynda dürli sowgatlyklar, çagalar üçin ýumşak düşekçe toplumlary hem-de ýumşak oýnawaçlar bar. Olary kärhananyň dükanlaryndan satyn almak ýa-da adt.com.tm web-saýty arkaly onlaýn sargyt etmek bolýar.
Mundan başga-da, toý-dabaralar üçin taýýarlanan toplumlar, şol sanda toý sowgatlyklary, doglan günler we beýleki şanly seneler mynasybetli sowgat bermek üçin niýetlenen ýörite toplumlar hem alyjylara hödürlenýär.
Toplumyň dükanlarynda dürli ölçegdäki we reňkdäki ýapynjalar, bir we iki adamlyk hammam toplumlary, aşhana toplumlary, ýorgan-düşek daşlyklary we beýleki dokma önümleri hem satuwa çykarylýar. Önümçilikde pagtadan başga-da, sintepon, wiskoza we bambuk ýaly materiallar ulanylýar. Bu materiallardan taýýarlanan önümler hem alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Önümler ýokary hilli çig mallardan peýdalanylyp, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda öndürilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.