2026-njy ýylyň 16–20-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegi üçin Milli ätiýaçlyk meýilnamasyny taýýarlamaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi internet neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi edarasynda geçirilýän çäre Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri federasiýasynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Milli jemgyýetiň 2026–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.
Okuw maslahaty Ýewropa Komissiýasynyň ynsanperwer kömek we raýat goragy boýunça müdirliginiň (ECHO) maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan «Merkezi Aziýada tebigy betbagtçylyklara we krizis ýagdaýlaryna taýýarlygy güýçlendirmek» atly taslamanyň çäklerinde geçirilýär. Çärä Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri federasiýasy hem-de Kanadanyň Gyzyl Haç jemgyýeti hem ýardam berýär.
Okuw maslahatyna Merkezi Aziýa boýunça Halkara federasiýanyň ýurtlar klasteriniň maksatnamalar boýunça menejeri Nurlan Jumaliýew, Kanadanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň tebigy betbagtçylyk töwekgelçiliklerini dolandyrmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça uly geňeşçisi Alfiýa Sorokina, şeýle hem federasiýanyň Türkmenistandaky ýurt edarasynyň maksatnamalar boýunça utgaşdyryjysy Aman Geldi Gapbarow ýolbaşçylyk edýärler.
Çärä Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasyndan we welaýat bölümlerinden işgärler, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşy we halas ediş işleri baş müdirliginiň wekilleri gatnaşýarlar.
Bilelikdäki işiň esasy maksady tebigy we tehnogen häsiýetli howplar ýüze çykanda ynsanperwer guramanyň hem-de döwlet gulluklarynyň hereketlerini utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Okuw maslahatynyň dowamynda Milli jemgyýetiň iş topary adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermegiň gurluşyny, hereket meýilnamasyny herekete girizmegiň ölçeglerini we guramanyň taýýarlyk boýunça ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar. Şeýle hem meýilnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.
Amaly okuw sapaklarynda gatnaşyjylar ýurt we welaýat derejesindäki töwekgelçiliklere baha berýärler, ynsanperwer kömegiň dessin ýola goýulmagynyň dürli ýagdaýlaryny modelleşdirýärler. Döwlet edaralary bilen özara hereket etmegiň anyk tertiplerini we hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kesgitleýärler.
Bäş günlük işleriň netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Milli ätiýaçlyk meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu resminama guramanyň dürli krizis ýagdaýlarynda dessin we netijeli hereket etmäge taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ynsanperwer ulgamda döwletiň ygtybarly kömekçi hyzmatdaşy hökmünde mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.











Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.