«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanda geçirilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki sessiýasynyň çäklerinde guraldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesini we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Walentina Matwiýenko ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň kesgitlän ugurlaryna laýyklykda, Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri parlamentara dialogy ösdürmek boldy. Taraplar parlamentleriň Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy, şol sanda sebitara gatnaşyklary berkitmekdäki ornuny nygtadylar. Şeýle-de halkara parlament meýdançalarynda özara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Walentina Matwiýenko Sahiba Gafarowany we Azerbaýjanyň wekillerini geljek ýyl Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek XII Newa halkara ekologiýa kongresine hem-de V Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Sahiba Gafarowa öz gezeginde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklarynyň, parlamentara we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de ol Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagy bilen Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň hyzmatdaşlyk boýunça Parlamentara komissiýasynyň çäklerinde gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň we ýaş parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow, Halkara işler boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Grigoriý Karasin we Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Mariýa Woropaýewa hem gatnaşdylar.