Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap, Aşgabat — Stambul (IST) — Aşgabat ugry boýunça hepdede 18 gatnawy amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi maglumatlarynda habar berilýär.
2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli hereket etjek uçuş tertibine laýyklykda, her gün iki ugur boýunça iki gezekden uçar gatnawy ýerine ýetiriler.
Stambuldan Aşgabada uçuşlar aşakdaky tertipde amala aşyrylar:
TK322: Stambuldan 21:15-de ugraýar, Aşgabada 02:55-de gelýär.
TK324: Stambuldan 01:55-de ugraýar, Aşgabada 07:40-da gelýär.
Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň tertibi:
TK323: Aşgabatdan 04:15-de ugraýar, Stambula 06:30-da gelýär.
TK325: Aşgabatdan 09:00-da ugraýar, Stambula 11:10-da gelýär.
Mundan başga-da, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri goşmaça gatnawlar ýerine ýetiriler:
TK320: Stambuldan 14:25-de ugraýar, Aşgabada 20:10-da gelýär.
TK321: Aşgabatdan 21:30-da ugraýar, Stambula 23:45-de gelýär.
Goşmaça gatnawlar 2027-nji ýylyň 26-njy martyna çenli hereket eder. Uçuşlaryň ýola düşýän we gelýän wagtlary ýerli wagt boýunça görkezilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.