Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda BMG-niň gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa gatnaşan Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite milli pawilýonda ýurduň baý taryhy-medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny we ykdysady mümkinçiliklerini tanyşdyrdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen bilelikde Azerbaýjanyň milli pawilýonyna aýlanyp gördi.

Pawilýonda Azerbaýjanyň taryhy, medeniýeti, milli gymmatlyklary, syýahatçylyk mümkinçilikleri we ykdysady ösüşi barada maglumatlar görkezildi. Şeýle-de «Made in Azerbaijan» haryt nyşany bilen öndürilýän önümler myhmanlaryň dykgatyna ýetirildi. Olaryň arasynda «İstisu» atly mineral suw hem aýratyn gyzyklanma döretdi.

Çärä gatnaşyjylar Azerbaýjanyň milli aşhanasynyň dürli tagamlary we süýjülikleri bilen hem tanyşdyryldy. Myhmanlara milli naharlaryň taýýarlanylyşy we aýratynlyklary barada gürrüň berlip, olary dadyp görmek mümkinçiligi döredildi.

Mundan başga-da, pawilýonda Azerbaýjanyň taryhyna, halyçylyk sungatyna, şekillendiriş sungatyna we syýahatçylyk ugurlaryna bagyşlanan kitaplar hem-de maglumat kitapçalary ýerleşdirildi. Bu neşirler ýurduň medeni mirasy we sungat däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Çäräniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde dürli halklaryň milli däp-dessurlary we saz sungaty görkezildi. Azerbaýjanyň milli tanslary myhmanlaryň ünsüni çekip, medeni maksatnamanyň täsirli çykyşlarynyň birine öwrüldi.

BMG-niň gününe bagyşlanan bu çäre dürli ýurtlaryň medeniýetini, milli däplerini we gazananlaryny tanyşdyrmak, şeýle hem halklaryň arasynda özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilik döretdi.