Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda ekologik çäreler guraldy. Olaryň hatarynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşawy goramak meselelerine bagyşlanan maslahat, agaç nahallaryny oturtmak çäresi hem-de ekologik marafon bar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binasynda geçirilen ýaşlar maslahatyny Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde gurady. Çärä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş alymlar, talyplar, inženerler we ekologik başlangyçlara işjeň gatnaşýan ýaşlar ýygnandylar.

Maslahatyň dowamynda daşky gurşawy goramakda sanly tehnologiýalaryň we ylmy işläp taýýarlamalaryň mümkinçiliklerine garaldy. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmegiň amaly ýollaryny, ekologik diplomatiýanyň ähmiýetini hem-de ýaşlaryň daşky gurşawy goramak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Hazar deňziniň kenarýakasynda plastik galyndylaryň azaldylmagy, gündelik durmuşda energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly möhüm meseleler hem gozgalyp geçildi. Şeýle başlangyçlaryň daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýaşlaryň ekologik düşünjesini ýokarlandyrmakda ähmiýetine üns çekildi.

BMG-niň gününe bagyşlanan çäreleriň ýene biri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň çäginde geçirilen «Ýaşyl miras» atly ekologiýa çäresi boldy. Onuň dowamynda ýaş alymlar we talyplar şäheriň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşyl zolaklary giňeltmek hem-de tebigy gurşawy goramak maksady bilen agaç nahallaryny oturtdylar.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» seýilgähinde ekologik marafon hem geçirildi. Run Rush ylgaw jemgyýeti bilen bilelikde guralan bu çäre sport bilen tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgelerini utgaşdyrdy. Marafona gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bir hatarda, şäher gurşawynyň arassaçylygyny we ekologiýa abadançylygyny goramagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Guralan çäreler Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek hem-de «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça milli maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu başlangyçlar ýaşlaryň ekologik meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmäge we tebigaty goramak medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir.