2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik muzeýinde «Gözel Hytaý — ajaýyp Sinzýan» atly nakgaşlyk we fotosurat sergisiniň açylyş dabarasy geçiriler.
Sergi Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň çeperçilik we fotosurat sungaty bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Onda sebitiň medeni köpdürlüligini, tebigy gözelliklerini we özboluşly aýratynlyklaryny şöhlelendirýän eserler görkeziler.
Medeni çärä Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasynyň, Hytaýyň Edebiýat we sungat federasiýasynyň hem-de Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň edebiýat we sungat birleşiginiň goldawy bilen badalga berler.
Serginiň açylyş dabarasyna Hytaýyň Edebiýat we sungat federasiýasynyň başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň başlanýan wagty sagat 10:00-a bellenildi. Sergi Aşgabatda hytaý sungaty bilen tanyşmaga, iki ýurduň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de halklaryň sungat arkaly özara düşünişmegini pugtalandyrmaga mümkinçilik döreder.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.