Mary şäherinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazü üpjünçilik» müdirligine degişli «Maryşähergaz» kärhanasynyň işgärleri gaz hojalygyny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak we könelen gaz geçirijileri täzelemek boýunça işleri alyp barýarlar. Bu çäreler sowuk günlerde ilatyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gazanmaga gönükdirilendir.

Kärhananyň hünärmenleri dürli basyşly, umumy uzynlygy 574 müň metrden geçýän gaz geçirijilere hyzmat edýärler. Bu ulgam arkaly Mary şäherindäki 41 099 maşgala, şeýle hem 200-den gowrak döwlet we hususy kärhana tebigy gaz bilen üpjün edilýär.

Taýýarlyk işleriniň çäklerinde Mülkbagşy ýaşaýyş toplumynda uzynlygy 900 metr bolan orta basyşly täze gaz geçiriji gurlup, ulanmaga berildi. Şol ýaşaýyş toplumynda könelen turbalaryň 1 100 metrden gowragy, Muhadow ýaşaýyş toplumynda bolsa 500 metrden gowragy täzelendi.

Şeýle hem ýylyň başyndan bäri şäherde iki sany täze gaz paýlaýjy nokat we 21 sany gaz sazlaýjy enjam oturdylyp, ulanmaga berildi. Bu işler gaz üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de gaz geçirijileriň kadaly işlemegini üpjün etmäge ýardam berýär.

Gaz ulgamlaryna hyzmat etmekde tejribeli işgärler bilen bir hatarda ýaş hünärmenler hem zähmet çekýärler. Daşky gaz geçirijiler boýunça çilingirler Guwanç Durdygylyjow we Rahat Agaorazow, içerki gaz enjamlary boýunça hünärmenler Rejep Kyýasow we Maksat Yslamow öz tejribelerini ýaş işgärlere geçirýärler.

«Maryşähergaz» kärhanasynyň ýolbaşçysy Süleýman Hojagulyýewiň bellemegine görä, işgärleriň esasy maksady gyş möwsüminde şäher ýaşaýjylarynyň gaz üpjünçiliginde bökdençlikleriň ýüze çykmazlygyny gazanmakdan ybaratdyr.

Mundan başga-da, kärhananyň işgärleri Mary şäherindäki orta mekdeplere we çagalar baglaryna baryp, tebigy gazy howpsuz ulanmagyň düzgünleri barada düşündiriş işlerini geçirýärler. Şeýle duşuşyklarda okuwçylara we mugallymlara gaz enjamlaryndan peýdalanmakda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmegiň ähmiýeti düşündirilýär.