Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomaliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Dünýägözel Gulmanowa Merkezi Aziýa döwletleriniň dördünji Parlamentara forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin hem-de türkmen wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Täjigistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen birnäçe möhüm kararnamalaryň awtordaşy hökmünde Täjigistanyň görkezen goldawyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy ýaly halkara meýdançalarda özara goldawy dowam etdirmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar parlament diplomatiýasynyň iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde we döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Dünýägözel Gulmanowa Rustam Emomalini we Täjigistanyň parlament wekillerini Aşgabatda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Olaryň hatarynda «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugy ilerletmek» atly üçünji Aşgabat maslahaty, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy bar.