Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň durnukly ösüşine we netijeli dolandyrylyşyna bagyşlanan halkara okuw maslahaty öz işine başlady.

«Arçabil» myhmanhanasynda geçirilýän «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji Halkara okuw maslahatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty we Halkara Okean instituty bilelikde guraýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Halkara Okean institutynyň ýerine ýetiriji direktory Antonella Wassallo, okuw maslahatynyň direktory doktor Parwin Farşçi, deňiz giňişligini meýilleşdirmek boýunça bilermen doktor Andreý Abramiç hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow gatnaşdy.

Çykyşlarda bu halkara okuw maslahatynyň Hazarýaka döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem Hazar deňziniň serişdelerinden durnukly peýdalanmak we onuň ekologiýasyny goramak boýunça hünärmenleriň bilimlerini hem-de tejribesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Halkara okuw maslahaty Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ol Hazarýaka döwletleriniň bäşisinden hünärmenleriň gatnaşmagynda sebit üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hünär platformasy bolup hyzmat edýär.

Okuw sapaklarynda halkara deňiz hukugy, Hazar deňziniň ekologik ýagdaýy, deňiz giňişligini dolandyrmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça pikir alşylar.

Çärede Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň ähmiýetine hem üns berilýär.

Okuw maksatnamasynyň geçen ýyllaryndaky işleriniň çäklerinde Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Hytaýdan Hazar deňzi bilen bagly ugurlarda işleýän jemi 175 hünärmen degişli okuwlary geçdi.

Şu ýylky okuw maslahatynda esasy üns Hazar deňziniň häzirki ekologik ýagdaýyna, hususan-da deňiz suwunyň derejesiniň peselmegi bilen bagly meseleleriň öwrenilmegine gönükdirilýär.

11-nji Halkara okuw maslahatynyň işleri 18-nji sentýabra çenli dowam eder.