Türkmenistanyň Oba hojalyk institutynda Halkara ozon gatlagyny goramak güni mynasybetli «Ekologiýa we sanly dünýä: ýaşyl tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Institutyň gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasy tarapyndan guralan çärä mugallymlar we talyplar gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ekologiýa boýunça ylmy-amaly çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, «ýaşyl» başlangyçlary we innowasion taslamalary ösdürmek, ekologik medeniýeti ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem daşky gurşawy goramakda we jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde häzirki zaman sanly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ugurlaryna garaldy.
Çäräniň çäklerinde talyplar ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça taýýarlan tematik çykyşlaryny we tanyşdyryşlaryny hödürlediler. Her çykyşdan soň diňleýjiler bilen giňişleýin pikir alyşmalar geçirilip, hünärmenleriň garaýyşlary, soraglar we jogaplar ýaňlandy. Bu bolsa ylmy we bilim tejribesiniň paýlaşylmagyna, talyplaryň bilimleriniň giňeldilmegine hem-de hünär başarnyklarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berdi.
Ylmy maslahat geljekki oba hojalyk hünärmenleriniň ekologiýa ulgamyndaky ylmy işjeňligini ýokarlandyrmaga, durnukly ösüş ýörelgelerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga we oba hojalygynyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara işjeň gatnaşmagyna itergi berdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.