Dermanlyk ösümlikleriň biri bolan çopantelpek halk lukmançylygynda köp asyrlaryň dowamynda agyryny aýyryjy, köşeşdiriji, gan damarlaryny giňeldiji we sowuklama garşy tebigy serişde hökmünde ulanylyp gelýär. Esasan hem onuň guradylan güllerinden taýýarlanylýan çaýyň peýdaly häsiýetleri bellenilýär.
Çopantelpekli çaýyň düzüminde antioksidantlar köp bolup, olar bedeniň öýjüklerini erkin radikallaryň täsirinden goramaga we käbir keselleriň döremek töwekgelçiligini azaltmaga ýardam edip biler.
Alymlar ukusyzlykdan ejir çekýän adamlara çopantelpekli çaýy içmegi maslahat berýärler. Bu içgi dartgynlylygy peseltmäge, bedeniň rahatlanmagyna we ukynyň gowulanmagyna kömek edip biler. Şeýle hem onuň beýnidäki gan aýlanyşygyna oňyn täsiriniň bolup biljekdigi bellenilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.