Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça geňeşiniň 39-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanyň öňdebaryjy lukmançylyk we bilim edaralaryna guralan iş saparlaryna gatnaşdy. Çärä Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Täjigistanyň wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) wekilleri gatnaşdylar.
Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Geňeşe başlyklyk edýän döwründe guralan tanyşdyryş maksatnamasy GDA-da Saglygy goraýyş ýylynyň jemleriniň jemlenilmeginiň öňüsyrasynda geçirildi. Saparlaryň esasy maksady lukmançylyk tejribelerini alyşmak, täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini öwrenmek we döwletara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Wekiliýetler Özbegistanyň Milli lukmançylyk merkezinde bejeriş-anyklaýyş işleriniň guralyşy, lukmançylyk edaralarynyň tehniki üpjünçiligi we sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy bilen tanyşdylar. Myhmanlar lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda halkara standartlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Onkologiýa we lukmançylyk radiologiýasy boýunça Respublikan ýöriteleşdirilen ylmy-amaly lukmançylyk merkezinde, şeýle hem inçekesel we endokrinologiýa merkezlerinde ýadro lukmançylygyny ösdürmek, süýjüli diabetiň öňüni almak we inçekesele garşy serhetüsti gözegçiligi güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bejeriş teswirnamalaryny umumylaşdyrmak we bilelikdäki kliniki barlaglary geçirmek boýunça pikir alşyldy.
Saparyň dowamynda Milli çagalar lukmançylyk merkezine we «Ene we çaga» merkezine hem baryldy. Bu ýerde myhmanlara täze doglan bäbekleriň hirurgiýasy, dikeldiş bejergisi we çaga lukmançylygy boýunça ulanylýan döwrebap usullar görkezildi.
Aýratyn howply ýokanç keseller merkezinde bolsa epidemiologik howpsuzlygy üpjün etmek, barlaghana gözegçiligini kämilleşdirmek we biologik howplara dessin çäre görmek boýunça tejribe öwrenildi. Bu ugurda GDA ýurtlarynyň arasynda utgaşdyrylan hereketleriň ähmiýeti bellenildi.
Wekiliýetleriň agzalary lukmançylyk uniwersitetinde hem bolup, talyplaryň amaly başarnyklaryny ösdürmäge niýetlenen simulýasiýa okuw merkezleriniň işi we okuw maksatnamalary bilen tanyşdylar. Duşuşyklarda talyplaryň hem-de mugallymlaryň halkara akademik alyşmalaryny giňeltmek, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.
Iş saparlarynyň netijeleri boýunça GDA ýurtlarynyň we BSGG-niň wekilleri Özbegistanda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Şeýle hem hünärmenleriň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň bilelikdäki bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek, telelukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri artdyrýandygy nygtaldy.
Bu duşuşyklar GDA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmagyny, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyny we sebit derejesinde epidemiologik howpsuzlygy berkitmegini maksat edinýän hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.