Tüwi dünýäde iň köp sarp edilýän azyk önümleriniň biridir. Şalydan alynýan bu däneden gaýnadylan we buglanan görnüşde dürli tagamlar taýýarlanylýar. Aziýanyň palawy, Ispaniýanyň paellasy, Italiýanyň risottosy, Meksikanyň arroz rojo tagamy, Koreýanyň bibimbapy we Ýaponiýanyň suşisi tüwüden taýýarlanýan meşhur naharlaryň hataryna girýär.

Dünýäde tüwiniň 40 müňden gowrak görnüşi bar. Olar reňki we daşky görnüşi boýunça tapawutlanýar. Tüwiniň ak, gyzyl, goňur we gara görnüşleri giňden tanalýar.

Tüwi bedeni energiýa bilen üpjün edýän uglewodlara baý önümdir. Onuň düzümindäki ýokumly maddalar bedeniň energiýa derejesini saklamaga ýardam edýär. Tüwüden taýýarlanan naharlar çagalaryň iýmitlenişinde hem möhüm orun eýeleýär.

Goňur tüwiniň düzüminde apigenin we kwersetin ýaly flawonoidler bar. Bu tebigy birleşmeler antioksidant häsiýetlere eýe bolup, bedeni öýjükleriň zeperlenmeginden goramaga gatnaşýar. Käbir ylmy barlaglarda goňur tüwiniň ýürek-damar ulgamynyň saglygy, süýjüli diabet we iýmit siňdiriş ulgamy bilen bagly ýagdaýlarda peýdaly iýmit bolup biljekdigi bellenilýär.

Ak tüwiniň düzümindäki uglewodlar bedeniň esasy energiýa çeşmeleriniň biridir. Şonuň üçin türgenleşikden ýa-da agyr fiziki işlerden soň tüwüli naharlar bedendäki glikogen gorunyň dikeldilmegine kömek edip biler. Ak tüwi ýeňil özleşdirilýän önümleriň biri bolandygy sebäpli, käbir iýmit siňdiriş näsazlyklary wagtynda hem iýmitlenişe goşulýar.

Tüwi glýuten saklamaýan önüm bolup, glýuteni kabul edip bilmeýän ýa-da oňa duýgurlygy bolan adamlar üçin bugdaýdan taýýarlanylýan önümleriň ornuny tutup biler. Şeýle-de bolsa, berhiz düzülende tüwiniň görnüşini, mukdaryny we beýleki iýmitler bilen utgaşdyrylyşyny göz öňünde tutmak möhümdir.

Umuman, tüwi dürli görnüşde taýýarlanyp bilinýän we gündelik iýmitlenişde giňden ulanylýan önümdir. Onuň peýdaly aýratynlyklaryny doly peýdalanmak üçin, esasan hem, süýüm we beýleki ýokumly maddalara baý goňur tüwini hem iýmit rasionyna goşmak maslahat berilýär.