27-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady. Maslahat goňşy döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Forumyň maksatnamasynda gurluşyk we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna bagyşlanan mejlisleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, gurluşyk materiallaryny we senagat enjamlaryny öndürýän özbek kompaniýalarynyň wekilleri çykyş edýärler. Forumyň çäklerinde geçirilýän ikitaraplaýyn B2B we B2G duşuşyklary hususy sektoryň arasynda täze söwda-ykdysady ylalaşyklary baglaşmaga uly mümkinçilik döredýär.