Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda maýa goýum işjeňligini giňeltmegi, hususy pudagy, ulag infrastrukturasyny we logistika ulgamyny goldamagy maksat edinýär. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni Azerbaýjanyň Trend habarlar agentligine beren ýörite interwýusynda mälim etdi.

Erik Liwniniň aýtmagyna görä, bankyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hususy kärhanalar we ýerli maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ÝTÖB öz daşary ýurt walýutasynda girdejisi bolan, eksporta gönükdirilen hususy kompaniýalary gönüden-göni maliýeleşdirmek işini gaýtadan ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Bu mümkinçilik 2026-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky bilen gol çekilen hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamada hem göz öňünde tutulýar.

Ilkinji maýa goýum taslamalarynyň gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy, logistika we eksporta gönükdirilen hyzmatlar ulgamlaryndaky kärhanalary öz içine almagyna garaşylýar. Şeýle hem bank kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmak mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň täjirçilik banklary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.

ÝTÖB ulag-logistika infrastrukturasynyň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda demir ýol ulgamynyň käbir böleklerini döwrebaplaşdyrmak, ýük infrastrukturasynyň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde logistika amallaryny kämilleşdirmek ileri tutulýan taslamalaryň hatarynda görkezilýär.

Bankyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, zyňyndylary azaltmak, suw üpjünçiligi we galyndylary dolandyrmak ugurlarynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Erik Liwniniň nygtaýşy ýaly, bankyň maksady diňe bir öz serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. ÝTÖB Türkmenistana goşmaça halkara maýasyny we tejribeli hünärmenleriň bilimlerini çekmäge ýardam berýän hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegi hem maksat edinýär.

Onuň bellemegine görä, gazanylan ylalaşyklar durmuşa geçirilip, geljegi uly maýa goýum taslamalarynyň toplumy kemala getirilen ýagdaýynda, bankyň Türkmenistandaky işiniň gerimi ýakyn ýyllarda tapgyrlaýyn giňeldilip bilner.

Bankyň maglumatlaryna görä, 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga başlanaly bäri, ÝTÖB 87 taslamany maliýeleşdirdi. Bu taslamalara gönükdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 322 million ýewro ýetdi.

Ýatladyp geçsek, 2026-njy ýylyň iýul aýynda ÝTÖB-niň prezidenti Odil Reno-Bassonyň Türkmenistana saparynyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bäş sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Resminamalar bank işi, energetika, daşky gurşawy goramak, ulag infrastrukturasyny we şäher hojalygyny ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar.