2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Turkmentel – 2026 halkara sergisine we ylmy maslahatyna, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC) atly halkara maslahata 200-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Çärelere 100-den gowrak halkara guramanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Forumlar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Iki forumyň bilelikdäki iş maksatnamasy ulag ulgamyny ösdürmek, sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmak, köpugurly üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeltmek, howa gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek we ulag-logistika zynjyryna innowasion çözgütleri ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alar. Şeýle hem bu ugra maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
ITTC maslahatynyň çäklerinde halkara ulag geçelgelerini maliýeleşdirmek we halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berler. Maksatnamada demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, halkara üstaşyr gatnawlaryň gerimini giňeltmek, serhetüsti söwdanyň täze şertlerinde awtomobil ulaglarynyň ornuny ýokarlandyrmak, sanly özgertmeler döwründe howa ýük daşamalaryny ösdürmek, deňiz ulaglary we port infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça ýörite mejlisler göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, «Argus Media» seljeriş kompaniýasy halkara haryt-çig mal bazarlaryndaky we Merkezi Aziýadaky esasy meýiller hem-de nyrh görkezijileri boýunça çykyş eder. «Ählumumy logistika ulgamynyň geljegini kesgitleýän zenanlar» atly tegelek stol maslahaty hem geçiriler.
Turkmentel – 2026 ylmy maslahatynyň maksatnamasyna bäş sany bilermenler duşuşygy girizildi. Olarda emeli aňyň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň sanly geljegini kemala getirmek, durnukly sanly infrastrukturany döretmek, aragatnaşyk mümkinçiliklerini we hemra ulgamlaryny ösdürmek, sanly özgertmeleriň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de elektron hökümet ulgamlaryna ynamy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem tehnologiýa merkezleriniň, hünär taýýarlygynyň we bilimiň üsti bilen başlangyç tehnologiýa taslamalaryny ösdürmek, emeli aň esasynda durnukly sanly ekoulgamlary döretmek boýunça pikir alşylar.
Forumlara Belarusdan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Estoniýadan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan wekiliýetleriň hem-de bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çärä gatnaşjak halkara guramalaryň hatarynda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU), Bütindünýä poçta birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Aragatnaşyk boýunça Sebitleýin arkalaşygy, Yslam ösüş banky we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bar. Daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda «Ozon», «Huawei», «Nokia», «Cisco», «Thales», «Lenovo», «Mitsubishi», «Samsung», «ZTE» we «Adex» ýaly kärhanalar görkezilýär.
Turkmentel sergisinde sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýa ulgamlary boýunça täze innowasion çözgütler tanyşdyrylar. Şeýle hem Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi tarapyndan kiberhowpsuzlyk boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan bolsa «Emeli aňyň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň sanly geljegini kemala getirmek» temasyndan okuw maslahatlary geçiriler.
Çäreleriň dowamynda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasiýa bäsleşiginiň netijeleri hem jemlener. Bäsleşige dürli ugurlar boýunça jemi 442 taslama hödürlendi. Her ugurda iň gowy işler saýlanyp, olaryň awtorlaryna gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşurylar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.