Türkmen žurnalistikasyna 40 ýyldan gowrak ömrüni bagyş eden tejribeli žurnalist Amangeldi Nurmyradow 2026-njy ýylyň 17-nji noýabryna geçilen gije uzak wagtlap dowam eden agyr keselden soň aradan çykdy.

Amangeldi Nurmyradow 1962-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden obasynda dünýä indi. Ol Moskwanyň M.W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde ýokary bilim aldy.

Zähmet ýolunyň dowamynda merhum Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň metbugat gullugynda işledi. Soňra «Вечерний Ашхабад» gazetiniň baş redaktory, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), şeýle hem «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habarçysy bolup zähmet çekdi.

2000-nji ýyllardan başlap, Amangeldi Nurmyradow Russiýanyň «RIA Nowosti» habarlar agentliginiň Türkmenistandaky ýörite habarçysy hökmünde işledi.

Žurnalistika ulgamynda 40 ýyldan gowrak iş tejribesini toplan tejribeli žurnalist saglyk ýagdaýy sebäpli 2024-nji ýylda hünär işini tamamlamaga mejbur boldy.

Merhum 17-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda jaýlandy. Ony jaýlamak üçin Aşgabat şäherindäki ýaşaýan öýünden dogduk obasyna alyp gitdiler.

Amangeldi Nurmyradow bilen hoşlaşmak çäresine onuň maşgala agzalary, ýakynlary, öňki kärdeşleri, Türkmenistanda akkreditirlenen ýerli we daşary ýurt habarlar agentlikleriniň žurnalistleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Amangeldi Nurmyradowyň aradan çykmagy türkmen žurnalistikasy üçin uly ýitgi boldy.

Merhumyň maşgalasyna, ýakynlaryna we kärdeşlerine çuňňur gynanç bildirýäris. Ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!