2026-njy ýylyň 26–27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «GDA-na gatnaşyjy döwletleriň ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda zähmeti guramagyň we kadalaşdyrmagyň ösüş mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Forumuň esasy maksady ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan we Arkalaşyga agza ýurtlaryň ulag-logistika arabaglanyşygynyň pugtalandyrylýan şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak boýunça tejribe we öňdebaryjy usullar bilen tanyşmakdan, şeýle hem GDA ýurtlarynyň hem-de degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Maslahata Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ygtyýarly edaralarynyň hem-de ulag guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem zähmeti kadalaşdyrmak boýunça işleriň usulyýet we guramaçylyk-tehniki taýdan üpjün edilmegi bilen meşgullanýan GDA ýurtlarynyň esasy düzümleriniň, Döwletara statistika komitetiniň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri foruma goşular.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hoşamyrat Geldimyradow hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur almagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany öňde boljak maslahatyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýdyp, wise-premýere foruma talabalaýyk taýýarlyk görmegi we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.