
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnaly bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan eden «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. 35 ýaşa çenli ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik behişdi bedewlerimiziň çeper waspyny jemgyýete ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna laýyklykda guralan bu çäre, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga we türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny dabaralandyrmaga gönükdirildi. Ýaş şahyrlar öz goşgularynda bedewleriň gözelligini, ukyplaryny we halkymyzyň durmuşyndaky ornuny çeper sözler bilen beýan etdiler.
Bäsleşigiň dowamynda aýratyn ukyby we döredijilikli çemeleşmesi bilen tapawutlanan aşakdaky şahslar ýeňiji diýlip yglan edildi we sylaglanyldy:
Dabaraly ýagdaýda geçirilen sylaglaýyş çäresinde ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bu döredijilik bäsleşigi türkmen bedewiniň sarpasyny belent tutýan ýaş nesliň kemala gelýändigini we milli gymmatlyklarymyzyň çeper edebiýatda öz mynasyp ornyny tapýandygyny ýene bir gezek subut etdi.
Keywords