
Türkmenistanyň paýtagty Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) çägindäki möhüm syýasy wakalaryň merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.
Bu mejlis Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralýar. Resminama laýyklykda, çäräni ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine hem-de Daşary işler ministrligine tabşyryldy.
Mejlisiň gün tertibinde GDA agza döwletleriň arasyndaky ykdysady, söwda we ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri durýar. Guramaçylyk işleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde utgaşdyrylar.
Aşgabatda geçiriljek bu forum Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň hem-de sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan ynamly gadamlarynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň paýtagtymyzda jemlenmegi, köptaraplaýyn diplomatiýanyň täze ugurlarynyň kesgitlenmegine itergi berer.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda bu halkara ähmiýetli çäräni garşylamak üçin degişli taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
Keywords